Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň daşary işler ministri Gedion Timotewosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny giňeltmek boýunça pikir alşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.
Söhbetdeşlikde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli dialogy ýola goýmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi, parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlyk hem-de halkara düzümler bilen özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi barada hem durup geçdiler.
Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere Efiopiýanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.