Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýetilen sepgitler, gazanylýan üstünlikler we türkmen halkynyň taryhda döreden hem-de häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýän ynsanperwerlik ýörelgeleri baradaky maglumatlar dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär.
Şunda dünýäniň iri media düzümleriniň biri bolan «Euronews» habarlar agentliginiň Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini, onuň türkmen döwletiniň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalary, gazanylýan zähmet ýeňişlerini beýan edýän maglumatlary öz tomaşaçylaryna yzygiderli hödürleýändigini bellemek gerek.
Golaýda hem «Euronews» teleýaýlymy 29-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde guralan «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçişini, oňa gatnaşyjy käbir daşary ýurtly myhmanlaryň pikir-garaýyşlaryny, Türkmenistanyň BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygyny teswirläp, dünýä ýüzündäki millionlarça tomaşaçylaryna ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.