Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen mugallymlary Erasmus+ taslamasynyň çäklerinde Ýewropada kämilleşdiriş okuwyny geçdiler

09:3808.04.2025
0
19518

8-nji martdan 29-njy marta çenli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mugallymlarynyň wekilçiliginiň düzüminde Erasmus+ taslamasynyň «Aýlaw ykdysadyýeti we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalarynyň we modullarynyň işlenip düzülişi» atly Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň binýadynda gurnalan kämilleşdiriş okuwa işjeň gatnaşdylar.

Ýöriteleşdirilen kämilleşdiriş okuwy aýlaw ykdysadyýetiniň ýörelgelerini ýokary okuw mekdepleriniň bilim işine ornaşdyrmaga gönükdirildi.

10-njy martdan 14-nji marta çenli okuwlar Italiýanyň Neapol şäherindäki Federiko II adyndaky Neapolyň uniwersitetinde geçirildi; 17-nji martdan 21-nji marta çenli - Germaniýanyň Bilefeld şäherindäki kiçi we orta telekeçilik üçin amaly ylymlar uniwersitetinde - Fachhochschule des Mittelstands (FHM); 24-nji martdan 28-nji marta çenli okuwlaryň jemleýji tapgyry Ispaniýanyň Santýago-de-Kompostela uniwersitetinde boldy.

Saparyň çäklerinde gatnaşyjylaryň arasynda utgaşdyryjy duşuşyk hem geçirilip, onuň dowamynda taslama boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmegiň indiki tapgyrlary ylalaşyldy.

Okuwda alnan bilim we edinilen tejribe durnukly ösüş we aýlaw ykdysadyýet ýörelgelerini has çuňňur düşünmäge ýardam edýän döwrebap okuw maksatnamalarynyň işlenip düzülmeginiň we durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup hyzmat eder. Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk arabaglanyşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagy Erasmus+ maksatnamasynyň «Aýlaw ykdysadyýeti we durnukly ösüş boýunça innowasion okuw maksatnamalarynyň we modullarynyň işlenip düzülişi» taslamasynyň çäklerinde innowasion okuw modullarynyň üstünlikli ornaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň