Amerikanyň we Kanadanyň iň oňat hokkeý toparlaryny birleşdirýän Milli Hokkeý Ligasynyň (MHL) yzygiderli geçirilýän duşuşyklarynyň geçen ýekşenbedäki oýnunda russiýaly meşhur türgen Aleksandr Oweçkin rekord goýdy.
«Waşington Kepitels» toparynyň 39 ýaşly hüjümçisi Oweçkin «Nýu-Ýork Aýlenders» topary bilen geçirilen duşuşykda özüniň 895-nji şaýbasyny tora girizdi. Öň köp wagt bäri Ueýn Gretskiniň 894 şaýbasy baky rekord hasaplanýardy.
Oweçkiniň bu rekordy dünýäde uly seslenme döretdi, ony sport ýyldyzlary, meşhur kino aktýorlar we aýdymçylar gutladylar diýip, «rg.ru» habar berýär. Russiýaly hokkeý oýunçysyny dünýä basketbolynyň ýyldyzlary Maýkl Jordan, Lebron Jeýms, meşhur suwda ýüzüji Maýkl Felps, gimnastikaçy zenan Simona Baýlz we başga-da köp sanly türgenler gutladylar. Şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer rekordynyň baky galmagyny arzuwlap, Oweçkine ýollan wideosynda bile tennis oýnamaga çagyrdy.
Aleksandr Oweçkini şeýle hem rep-aýdymçy Snup Dogg, aktýorlar Wins Won, Stiw Karrel, Deýw Kolýer, režissýor Denni de Wito dagylar gutladylar.
Russiýanyň döwlet Baştutany Wladimir Putin ildeşine gutlag telegrammasyny ýollady diýip, RF-niň Prezidentiniň metbugat kätibi Dmitriý Peskow habar berdi.