Eminem ady bilen meşhur bolan amerikaly rep-aýdymçy Marşall Brýus Meters Üçünji baba boldy, onuň gyzy Heýli Jeýd oglunyň dünýä inendigini habar berdi.
«Doglan günüň bilen! Sen eýýäm üç hepde bäri bu zeminde, körpeje E» diýip, Heýli özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýazdy.
Şeýlelikde, Eminem 52 ýaşynda baba boldy. Onuň agtygyna Elliot Marşall Makklintok diýip at dakdylar.
Eminem gyzy Heýli Jeýd barada aýdymlarynda kän agzaýar. Olaryň arasynda rep-aýdymçynyň «Mockingbird» we «When I'm Gone» atly aýdymlary-da bar. Olarda aýdymçy öz gyzyna atalyk söýgüsini beýan edýär. Eminemiň käbir aýdymlary tutuşlygyna gyzyna bagyşlanandyr diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.