Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

5-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:5107.04.2025
0
22050

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň raýatlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy sapar bilen Özbegistana bardy, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,3% ösdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady. «Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent kadalaryny dabaralandyrýar, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyryp, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýär. Şonuň üçin hem ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde eziz Diýarymyzda bu baýram ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenilýär» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

https://turkmenportal.com/blog/89699/prezident-turkmenistana-pozdravil-sootechestvennikov-s-vsemirnym-dnem-zdorovya

2. 7-nji aprelde irden Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen sport çäresine daşary ýurtly diplomatlar hem gatnaşdy. Welosipedli ýörişiň ugry Arçabil şaýolunyň ugrundaky Saglyk ýolundan başlap, Arçabil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň çatrygyndaky aýlawly ýoldan demirgazyk tarapa, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň üsti bilen Ruhyýet köşgüne çenli dowam etdi.

https://turkmenportal.com/blog/89713/diplomaty-rf-v-ashhabade-prinyali-uchastie-v-veloprobege-k-vsemirnomu-dnyu-zdorovya

3. 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ynamly ösüş gazanyldy – geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowa nobatdaky Hökümet mejlisinde makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli esasy pudaklarynda oňyn ösüş gazanylýar.

https://turkmenportal.com/blog/89702/vvp-turkmenistana-vyros-na-63-v-pervom-kvartale-2025-goda

4. 2025-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 7,1 göterim artyk ýerine ýetirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň nobatdaky Hökümet mejlisindäki hasabatynda beýan edilýär. Hasabatda ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň ähli esasy pudaklarynyň oňyn ösüş depginine eýedigi bellenildi.

https://turkmenportal.com/blog/89703/turkmenistan-perevypolnil-plan-po-dobyche-uglevodorodov-v-pervom-kvartale-2025-goda

5. Russiýa Federasiýasynyň Çeçen Respublikasynyň Baştutany Ramzan Kadyrow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. «Beýik Biribardan mukaddes Oraza aýynyň dowamynda tutan orazalarymyzy, eden doga-dileglerimizi, haýyr işlerimizi kabul etmegini hem-de adamlaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyny dileýärin» diýlip, hatda bellenilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89694/ramzan-kadyrov-pozdravil-prezidenta-turkmenistana-s-prazdnikom-oraza

6. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistana iş sapary başlandy. Türkmen wekiliýeti 5 – 9-njy aprel aralygynda Daşkent şäherinde geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşar. Foruma 140-a golaý ýurtdan parlamentariler, şeýle hem 50 sany halkara guramanyň wekiliýet agzalary gatnaşýar.

https://turkmenportal.com/blog/89670/predsedatel-medzhlisa-turkmenistana-pribyla-v-tashkent-dlya-uchastiya-v-assamblee-uip

Dünýäde

1. «Minecraft kinoda» ilkinji dynç günleri dünýäde 301 million dollar, şol sanda ABŞ-da 157 million dollar toplap, 2025-nji ýylyň rekordyny goýdy. Jek Blek, Jeýson Momoa we Jennifer Kulij ýaly ýyldyzlaryň surata düşen filmi diňe Demirgazyk Amerikada görkezilişiniň ilkinji gününde 58 million dollar gazandy. Şeýle güýçli başlangyjyň netijesinde, meşhur kompýuter oýnunyň film uýgunlaşmasynyň Amerikanyň kassa ýygymynda iň üstünlikli filmleriň ilkinji otuzlygyna girmegine garaşylýar. Netije ABŞ-nyň tutuş prokatynda kassa ýygymynyň bary-ýogy 70-80 million dollar boljakdygyny çaklaýan hünärmenleriň garaşyşlaryndan ep-esli ýokary boldy.

https://turkmenportal.com/blog/89700/film-minecraft-v-kino-bet-rekordy-2025-goda-po-kassovym-sboram

2. Soňky maglumatlara görä, Mýanmada bolup geçen güýçli ýertitremede wepat bolanlaryň sany 3564 adama ýetdi. Resmi maglumata görä, 28-nji martda bolup geçen tebigy betbagtçylyk sebäpli 5012 adam ýaralanypdyr, ýene 210 adam dereksiz ýiten diýlip hasap edilýär. Ýertitremesi ýurduň infrastrukturasyna uly zyýan ýetirdi. Zeper ýeten sebitlerde halas ediş we gözleg işleri dowam edýär. Halkara guramalar we goňşy ýurtlar betbagtçylygyň netijeleri göreşmek boýunça Mýanma kömek berýärler.

https://turkmenportal.com/blog/89685/chislo-zhertv-zemletryaseniya-v-myanme-prevysilo-3500-chelovek

Sport täzelikleri

1. Sport gimnastikasy boýunça dört gezek Olimpiýa çempiony Alekseý Nemow Aşgabat şäherine saparynyň we 29-njy martda Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmagynyň özünde galdylar ýakymly täsirlerini paýlaşdy. «Aşgabat şäherine syýahat iň ýakymly täsirleri galdyrdy. Sport jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşandygyma, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşandygyma we pikir alyşandygyma şat» diýip, meşhur rus gimnastikaçysy öz «Telegram» kanalynda ýazdy. Nemowyň saparynyň dowamynda Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetiniň başlygy Allaberdi Saparow we Türkmenistanyň Gimnastika federasiýasynyň başlygy Döwran Çagylow bilen duşuşyklary geçirendigini bellemelidiris.

https://turkmenportal.com/blog/89715/aleksei-nemov-podelilsya-teplymi-vpechatleniyami-ot-poezdki-v-ashhabad

2. «Waşington Kepitalzyň» russiýaly hüjümçisi Aleksandr Oweçkin Milli hokkeý ligasynyň dowamly çempionatlaryndaky 895-nji şaýbasyny geçirip, bu ugurda kanadaly rowaýaty hokkeýçi Ueýn Gretskiniň rekordyny täzeledi. Täze rekord ýekşenbe güni myhmançylykda «Nýu-Ýork Aýlenders» bilen oýunda hasaba alyndy. «Beýik» lakamy bilen tanalýan meşhur kanadaly hüjümçi Ueýn Gretski özüniň MHL-däki soňky, 894-nji şaýbasyny 1999-njy ýylda geçiripdi. Şondan bäri 26 ýyllap onuň «ebedi» diýlip häsiýetlendirilen rekordyny täzelemek hiç kime başartmandy.

https://turkmenportal.com/blog/89695/ovechkin-pobil-rekord-gretcki-zabrosiv-895yu-shaibu-v-nhl

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň