Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

N.Atagulýew 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ykdysady görkezijileri barada çykyş etdi

16:3407.04.2025
0
12051

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 101,2 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 114,2 göterim üpjün edildi, şol sanda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 142,9 göterime, nah matalaryňky 150,9 göterime, taýýar tikin we örülen önümleriňki 104,3 göterime, gön önümleriniňki 140,4 göterime deň boldy.

«Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 105,1 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 72 birža söwdasy geçirilip, olarda 6 müň 878 şertnama hasaba alyndy.

2025-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 102,1 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,1 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin sanly ykdysadyýeti we elektron söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de beýleki zerur harytlaryň üpjünçiligini üns merkezinde saklamak, dokma kärhanalarynda öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini we möçberini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň işini kämilleşdirmekde halkara tejribeden ugur almak zerurdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň