ABŞ-nyň çäginde harasatlar, sil joşmalary we tüweleýler sebäpli heläk bolanlaryň sany 15 adama ýetdi diýip, «Washington Post» gazetine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi. Esasan hem Tennesi ştatynyň günbatarynda, şeýle-de Missuri, Arkanzas, Kentukki we Indiana ştatlarynda adam pidalary hasaba alyndy.
Iň köp ýitgileriň Arkanzas we Kentukki ştatlarynyň etraplarynda bolandygy bellenýär, meteorologlar ol ýerlerde täze sil joşgunlaryň adamlara howp saljakdygyny duýdurýarlar.
Öň ýurduň Milli Meteorologik gullugy (NWS) deňiz harasatlarynyň hem-de tüweleýleriň dokuz ştata howp salýandygyny habar beripdi.