Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde, 5-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti Tulia Akson hem-de Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa duşuşyklaryň dowamynda Parlamentara Bileleşigiň ýolbaşçy düzümini ýurduň parahatsöýüjilikli ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Parlamentara Bileleşigiň Prezidenti öz gezeginde Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işjeň hyzmatdaşlygyna ýokary baha berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de bilelikdäki çäreleri geçirmäge uly gyzyklanma bildirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda Parlamentara Bileleşigi tarapyndan geçirilýän mejlisleriň, bu gurama agza parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, parlament işinde tejribe alyşmaga, döwrüň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança bolup durýandygy bellenildi.
Mundan başga-da, taraplar Parlamentara Bileleşigiň 150-nji assambleýasynyň gün tertibinde duran meseleler boýunça alnyp barylýan işler, milli tejribeler hakynda maglumatlary diňlemegiň hem-de öňe sürlen teklipler bilen tanyşmagyň parlament wekilleri üçin ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Şeýle-de Türkmenistanyň Mejlisiniň we Parlamentara Bileleşigiň geljekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.