Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Polşanyň polisiýasy fermadan gaçan düýeguşy iki hepdeläp kowalady

13:1005.04.2025
0
22031
Polşanyň polisiýasy fermadan gaçan düýeguşy iki hepdeläp kowalady
Surat: Gazeta.ru

Polşada fermadan gaçan düýeguşy tutmak üçin polisiýa iki hepdeläp iş edinmeli boldy diýip, «wroclaw.pl» portaly habar berdi.

Françeska atly düýeguş ýurduň Wroslaw diýen ýerindäki fermada ýaşaýardy. Emma iki hepde mundan öň kimdir biri fermanyň derwezesini ýapmagy unudyp, düýeguş gaçdy. Ýerli ýaşaýjylar polisiýa ýüz tutdular, emma olar gelende, Françeska eýýäm başga ýerde ýortup ýördi.

29-njy mart agşamy Olawedäki polisiýa bölüminiň nobatçy serkerdesi Drzemlikowise obasynyň golaýynda ylgap ýören düýeguş barada habar aldy. Ol ýere dessine iki sany poliseý ugradyldy. Düýeguş öýlere tarap ugrapdy, onuň adamlara şikes ýetirmegi mümkindi. Agsaklaýandygyna garamazdan, ol diýseň çalt ýüwürýärdi. Ahyrynda surnugan poliseýlere ony tutmak başartdy, olar guşy fermanyň eýesine gowşurdylar.

Eýesiniň gürrüňine görä, guş özüni oňat duýýar, emma aýagyny agyrdandygy sebäpli agsaklaýar. Franseçka iki hepdeläp öýde bolmady, emma bu rekord däl. Sebäbi onuň eýesi Gžegož Neçaý: «Legionowo obasynyň töwereginde bir düýeguş ygyp ýör, ony eýýäm üç ýyl bäri tutup bilenoklar» diýip, gülüp gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň