Owganystanyň gündogar Host ülkesinde 140 ýaşly diýlip çaklanýan adam ýaşaýar. Ol dünýäde iň garry adam bolmagy mümkin diýip, «Tolo news» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
«Akel Naziriň maşgalasy 100 adamdan ybarat, onuň dünýäde iň garry adam bolmagy mümkin» diýlip, makalada aýdylýar.
Nazir žurnalistlere Owganystan Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny alanda, 30 ýaşlarynda bolandygyny gürrüň berdi. Öz sözlerine görä, ol şeýle-de ýurduň patyşasy Amanulla Hanyň döwrüni-de görüpdir, britan agalygyndan Garaşsyzlyk gününiň baýramçylygyna hem gatnaşypdyr.
Naziriň maşgalasy hökümetden onuň ýaşyny resminamalar arkaly tassyklamagy haýyş edýär. Sebäbi Owganystanda munuň üçin arhiw işi ýeterlik ösen diýlip, habarda bellenýär.