Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Sport — parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

11:0805.04.2025
0
14588

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport — parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

4-nji aprelde bolan maslahata Özbegistandan, Türkiýe Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Rumyniýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Belarus Respublikasyndan, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, şeýle hem Türkmenistanyň ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, alymlar, tälimçiler işjeň gatnaşdylar.

Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, sport ugurly ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, bedenterbiýe we sport ulgamynyň hünärmenleridir talyp ýaşlar, şeýle hem, Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri maslahatda sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

Çykyşlarda halkara tejribeler paýlaşyldy, ylmy barlaglaryň netijeleri, innowasion çemeleşmeler we täze garaýyşlar beýan edildi.

Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi oňa gatnaşan halkara hyzmatdaşlaryň hem-de ýurduň ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleriniň beren ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň