Planetanyň 500 sany iň baý adamynyň jemi emlägi bir gije-gündizde 208 mlrd dollar azaldy. Muňa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ýurtlaryň köpüsine harytlar üçin gümrük paçlaryny girizmegi sebäp boldy diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan TASS habar berdi.
Amerikan lideriniň yglan eden gümrük paçlary dünýä bazarlarynda pese gaçyşlyk döretdi. Baýlaryň jemi emläkleriniň azalmagy «Bloomberg Billionaires Index» (BBI) guramasynyň 13 ýyllyk taryhynda dördünji, şeýle hem COVID-19 pandemiýasyndan bäri iň güýçli boldy.
Netijede, milliarderleriň ýarysyndan gowragy öz emläkleriniň ortaça 3,3 göterimini ýitirdiler. Esasan hem, belli işewürler Mark Sukerberg (17,9 mlrd dollar), Jeff Bezos (15,9 mlrd dollar) we Ilon Mask (11 mlrd dollar) ýitgi çekdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp 2-nji aprelde 185 döwletden we çäkden ýurda getirilýän harytlara gümrük paçlaryny girizdi. Netijede, amerikan bazary güýçli pese gaçdy.