Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» «Medowik» tortunyň täze tagamlaryny hödürleýär

09:5605.04.2025
0
18118

«Zyýat Hil» konditer dükanlary meşhur «Medowik» tortunyň birnäçe görnüşini hödürleýär. Bu süýjüligiň muşdaklary indi nusgawy görnüşden başga-da, onuň özboluşly nusgalaryny dadyp görüp, tagam babatda özleri üçin täze açyşlary edip bilerler.

Has baý tagamy halaýanlar üçin «Zyýat Hil» «Spartak» atly gara medowik tortuny hödürleýär. Näzik kokos gyryndylary bolan kokosly medowik ekzotik tagamlary halaýanlaryň göwnünden turar. Şeýle hem köp mukdarda hoz goşulan hozly medowik doýuryjy we hoşboý ysly süýjülikleri halaýanlar üçin ajaýyp saýlaw bolar.

Medowikler sargyt etmek üçin 3 kg we 5 kg göwrümde elýeterlidir. «Zyýat Hiliň» wekilleri tortlaryň hemişe tapdyrýandygyny, müşderileriň olary islendik amatly wagtda sargyt edip biljekdigini bellediler.

Ýatlatsak, 150 manatdan başlaýan bahalardan süýjülik sargyt edilende, «Zyýat Hil» Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň