Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG: emeli aň sebäpli garyplar bilen baýlaryň arasyndaky tapawut artýar

08:5705.04.2025
0
11871
BMG: emeli aň sebäpli garyplar bilen baýlaryň arasyndaky tapawut artýar
Surat: Zamin.uz

Awtomatlaşdyrmagyň we emeli aňyň (EA) ösüşi hünärleriň 40 göterimi üçin ýaramaz netijelere getirip biler. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) nutugyna salgylanýan CNBC teleýaýlymy habar berdi.

Seljerijileriň pikirine görä, 2033-nji ýylda EA-nyň bazar bahasy 4,8 trillion dollara ýetip biler. Bu tehnologiýa önümçiligiň we sanly özgerişiň ýokarlanmagyna ýardam edýär, emma UNCTAD awtomatlaşdyrmagyň zähmet bazary üçin mümkin bolan ýaramaz netijeler barada duýdurýar. Mysal üçin, EA dünýäde iş orunlarynyň 40 göterimine täsir edip biler. Galyberse-de, tehnologiýalardan ykdysady bähbit deň ölçegde paýlanmaz, bu bolsa, ählumumy deňsizligi ýitileşdirer. Nutukda emeli aňyň peýdalanylmagy ösýän ýurtlarda arzan işçi güýjüniň bäsdeşlige ukyplylygyny peseldip, köp halatda zähmete däl-de, pula oňyn täsir edýär.

BMG şeýle-de ýurtlaryň arasynda tehnologiýalaryň ösüşindäki deňsizlige ünsi çekýär. Mysal üçin, EA ulgamyndaky ylmy-barlaglara hem-de işläp düzmelere ählumumy çykdajylaryň 40 göterimi, esasan, ABŞ-dan we Hytaýdan bolan 100 kompaniýada jemlenendir.

«Apple», «Nvidia» we «Microsoft» tehnologik läheňler tutuş Afrika yklymynyň Jemi içerki önümine barabar bazar kapitaliziýasyna eýel bolmak bilen, ýurtlaryň arasyndaky tehnologik böwşeňligi ulaldyp bilerler.

Bilermenler ýagdaý bilen baglylykda, EA üçin hukuk-etiki kadalaryň işlenip düzülmegine ösýän ýurtlaryň gatnaşmagynyň möhümdigini nygtaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň