«Forbes» žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň 2025-nji ýyldaky sanawyny çap etdi. Oňa ilkinji gezek golliwud aktýory, öňki bodibilder Arnold Şwarsenegger girdi, 77 ýaşly aktýoryň emlägi 1,1 milliard dollar bahalanýar diýip, «Daryo.uz» ýazýar.
Neşiriň bilermenleri Şwarseneggeriň bu emlägiň ýarysyna golaýyny onlarça filmde surata düşüp, galan bölegini gozgalmaýan emläge, gymmatbaha kagyzlara we göni şahsy maýa goýum taslamalara maýa goýmak bilen gazanandygyny aýdýarlar. Şunda awstraliýaly aktýoryň kinodaky girdejileriniň 500 mln dollara golaýlaýandygy aýdylýar.
Şwarsenegger şeýle-de meşhur amerikan brendlerine işjeň maýa goýýar. Ol 1990-njy ýyllarda «Starbucks» kofe nokatlaryna maýa goýup, onuň paýnamalarynyň häzir hem eýesidir. 1999-njy ýylda aktýor «Google» kompaniýasyna maýa goýdy. Şwarseneggeriň maýa goýumlarynyň arasynda «Beyond Meat», «AMC» kinoteatrlar zynjyry we «Yes Network» sport teleýaýlymlar zynjyry bar. Ol şeýle hem 718 mlrd dollarlyk aktiwlerine eýelik edýän «Dimensional Fund Advisors» wençur kompaniýasynyň 5 göterimlik paýnamalaryna eýelik edýär. Bu bolsa 500 mln dollara deňdir.
«Forbes» žurnalynyň täze sanawynda 288 sany täze milliarder bar, milliarderleriň umumy sany bolsa 3 müňden geçýär.