Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Indoneziýada Marapi ýanardagy çogup başlady, külüň sütüni 350 metre ýetýär

11:0404.04.2025
0
16546
Indoneziýada Marapi ýanardagy çogup başlady, külüň sütüni 350 metre ýetýär
Surat: MIR 24

Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky Marapi ýanardagy (wulkany) güýçli çogýar. Onuň külüniň sütüni 350 metre çenli ýokary göterildi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylardan we syýahatçylardan howply zolaga üç kilometr golaý barmazlyk haýyş edilýär. Munuň sebäbi 2023-nji ýylyň dekabrynda Marapi ýanardagynyň çogmagy netijesinde 20-den gowrak adam heläk bolupdy. Indoneziýa adalygy ýuwaş umman «otly halkasynda» ýerleşmek bilen, ol ýerde örän güýçli ýer yranma işjeňligi bar. Bu ýerde 500-den köp ýanardag ýerleşip, olaryň 130-e golaýy hereket edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň