Türkmenistan 29-30-njy aprelde Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriljek «Made in Turan» atly halkara sergisine gatnaşar.
Sergide gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda söwda we dokma senagatynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de geljekki taslamalar ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada uza.uz saýty habar berdi.
Foruma Türkmenistan bilen bir hatarda Özbegistan, Gazagystan, Türkiýe, Gyrgyzystan, Russiýa, Pakistan, Hindistan, Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, Wengriýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlardan dokma senagatynyň hünärmenleri, dizaýnerler we telekeçiler gatnaşarlar.
Serginiň çäklerinde öňdebaryjy hünärmenleriň çykyşlary, dokma brendleriniň tanyşdyrylyşy, ikiçäk duşuşyklar we işewür gepleşikler, tegelek stollar we tematik maslahatlar geçiriler. Mundan başga-da, ýörite işewür syýahatlar guralyp, gatnaşyjylar bu ugurdaky öňdebaryjy tejribeler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar.