Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropada jahankeşdeligiň ösmegi bilen baglylykda düýelere isleg artýar

14:2003.04.2025
0
13950
Ýewropada jahankeşdeligiň ösmegi bilen baglylykda düýelere isleg artýar
Surat: News.un.org

Düýeler haçandyr birwagtlar Ýewropa bilen bagly bolupdyrlar, emma orta asyrlarda seýrekleşipdir. Häzirki wagtda jahankeşdeligiň we düýe süýdüne islegiň artmagy bilen baglylykda, düýeleri köpeltmek işi täzeden galkynýar. Bu barada «Kronen Zeitung» gazetine salgylanýan «rg.ru» ýazýar.

Bu gün yklymda düýeleriň 6 müň sanysy bar. Alymlaryň pikiriçe, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, düýeler Ýewropa gaýdyp gelip bilerler.

Günorta-Gündogar Arabystanda düýeleriň we ýabany haýwanlaryň öýdekileşdirilmegi netijesinde, olar ýük çekmek, tirkeg we münmek üçin ulanylyp başlanypdyr. Olaryň eti we süýdi hem peýdalanylypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň