Aziýanyň ykdysadyýeti 2025-nji ýylda 4,5 göterim öser, satyn alyş ukyby boýunça ählumumy jemi içerki önümdäki paýy bolsa 48,6 göterime ýeter. Bu barada «TV BRICS» teleýaýlymyna salgylanýan «Belta.by» portaly habar berdi.
Çaklamalara laýyklykda, Hytaý, Hindistan, Wýetnam, Mongoliýa, Kamboja we Indoneziýa 5 göterim derejede ykdysady ösüş görkezerler.
Hasabatda Aziýanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryň dünýä boýunça umumy möçberiň 60 göterimini tutýandygy bellenýär. Maýa goýumçylar üçin has özüne çekiji ugurlar Hytaý we Günorta-Gündogar Aziýanyň döwletleriniň bileleşiginiň (ASEAN) ýurtlary bolmagynda galýar. Bu sebit şeýle-de ylmy barlaglara, işläp düzmelere maýa goýumlar we patent ýüztutmalar boýunça öňdeligi eýeleýär.