Türkmenistanda ilkinji gezek «Arabada oýnalýan tennis» maksatnamasyna badalga berildi, bu maksatnama ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Tennis federasiýasy (TTF) tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar.
Bu başlangyç beden taýdan maýyplygy bolan çagalara sport bilen meşgullanmaga, özüne bolan ynamyny ösdürmäge we jemgyýetiň bir bölegine öwrülmäge mümkinçilik berer – diýlip, ÝUNISEF-iň metbugat habarynda aýdylýar.
Maksatnama 7 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolan 10 sany çaga gatnaşar. Olar ýörite sport arabalaryny, tälimçiniň goldawyny alarlar we halkara standartlaryna laýyklykda ýörite sapaklary geçerler.
Ylmy barlaglaryň görkezişi ýaly, arabada tennis oýnamak diňe bir beden saglygyny gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem durmuşdaky gatnaşyklara hem ýardam edýär, özüne oňyn tarapdan garamagy emele getirýär we maýyplygy bolan çagalary jemgyýetdäki durmuşyň jümmüşine çekýär.
ÝUNISEF guramasynyň Türkmenistandaky Wekiliniň orunbasary Aleksandr Nartea şeýle belleýär:
«Her bir çaga oýnamaga, öz mümkinçiliklerini ösdürmäge we jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmaga hukugy bardyr. Biziň Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen hyzmatdaşlygymyz maýyplygy bolan çagalaryň sport bilen deň derejede meşgullanmaga, dost tutunmaga we özüne bolan ynamyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik döretmek ugrunda ädilen möhüm ädim boldy. Ýöriteleşdirilen sporty ösdürmek bilen, biz diňe bir aýratyn çagalaryň ykbalyny üýtgetmän, eýsem jemgyýetiň düşünjesini hem üýtgedýäris we has özboluşly dünýä tarap durmuşda bar bolan päsgelçilikleri aradan aýyrýarys».
Maksatnamanyň çäklerinde ÝUNISEF we TTF ýerli tälimçiler üçin taýýarlyk okuw-türgenleşik işlerini geçirerler, sport desgalaryna bolan elýeterliligi üpjün ederler we zerur enjamlar bilen kömek edip, okatmak üçin amatly şertleri dörederler.
Şeýle hem Çagalar tennis festiwaly geçiriler, bu festiwal sportuň çagalaryň ösüşindäki we adaty durmuş-ýaşaýşa goşulyşmagyndaky tutýan ornuny nygtar, mundan hem başga ol uýgunlaşdyrylan sport başlangyçlaryna has köp maşgalalaryň gatnaşmaga ruhlandyrar.
Bu başlangyjyň Türkmenistanda arabada oýnalýan tennisiň uzak möhletleýin ösüşine goşant bolar, onuň sportuň ösüşiniň milli strategiýalaryna goşulmagyna ýardam eder we maýyplygy bolan çagalar üçin durnukly mümkinçilikleri döreder diýlip garaşylýar.