Täze ýokanç dünýäde hatda «ertir hem başlanyp biler», oňa garşy üstünlikli göreşmek üçin ýurtlar degişli ylalaşyga gol çekmelidirler. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adanom Gebreýeýus beýanat berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.
BSGG-niň başlygy häzirki wagtda gapma-garşylyklar, geosyýasy we ykdysady sarsgynlar sebäpli, COVID-19 ýokanjynyň ünsden düşürilendigini nygtady.
«Ýöne täze pandemiýa hemmeler rahatlanýança garaşyp durmaz. Ol ýene 20 ýyldan ýa-da ondanam köp wagtda, mümkin, eýýäm ertirem başlanyp biler. Biz oňa taýýar bolmaly» diýip, Gebreýesus aýtdy.
Şonuň üçin BSGG-niň ýolbaşçysy ähli döwletleri guramanyň Ylalaşygyny pandemiýany ahyrky pellehana ýetirmek üçin tagalla etmäge çagyrdy. Baş direktor eger ýurtlar aýry-aýrylykda hereket etseler, olaryň saglygy goraýyş ulgamynda ählumumy howpsuzlygy gazanyp bilmejekdiklerini sözüniň üstüne goşdy.