Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi

22:4202.04.2025
0
17258
 Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 3 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy, şeýle hem ýurtda howpsuzlygy we asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew mejlisde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Hasabatda ýurduň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işler we olaryň netijeleri, degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabatlary berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, şeýle hem Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu işleriň mundan beýläk hem dowam etjekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň