Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Uniwersitetiň rektory ýokary okuw mekdebiniň gurluşy, fakultetleri we kafedralary, alnyp barylýan okuw taýýarlyk ugurlary, ylmy-barlag we taslama işleri, ýetilen sepgitler, şeýle hem daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, esasan hem, Rumyniýanyň Ploýeşti nebitgaz uniwersiteti hem-de kompaniýalary bilen ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada myhmanlara gürrüň berdi. Şeýle-de rumyn wekiliýetine uniwersitet barada gysgaça wideorolik görkezildi.
Soňra rumyn wekiliýetiniň ýolbaşçysy Pawel-Kasian Nituleskua söz berildi. Ol, ilki bilen, wekiliýetiň agzalary bilen tanyşdyrdy we wekiliýetiň Türkmenistana iş saparynyň maksatlary barada maglumat berdi hem-de Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem kompaniýalarynyň ugurdaş ugurlarda bilelikde iş alyp barmaklyga isleg bildirýändikleri barada gürrüň berdi. Rumyniýanyň «CHIMCOMPLEХ» kompaniýasynyň wekili bilen Türkmenistanda himiýa we gazhimiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurlar boýunça önümçilik bilen bagly teklipler taýýarlanyldy.
Duşuşykdan soňra Rumyniýanyň wekiliýeti uniwersitetiň tejribehanalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, geologiýa muzeýi bilen tanyşdyryldy.