«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bu barada gazetiň şu günki sanynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşige hödürlenilýän işlerde (makalalar we oçerkler) Garaşsyz Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti, dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň wajyp orny anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir.
Şeýle-de türkmen döwletiniň başlangyçlary esasynda BMG tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýeti, Türkmenistanyň bu guramadaky işjeň orny, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy, abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalary, şeýle umumadamzat gymmatlyklarynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dost-doganlyk ýurtlar bilen özara bähbitli, köpugurly, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri, ynsanperwerlige ýugrulan tagallalary beýan edilmelidir.
Oçerkler jemgyýetiň öňdebaryjylaryna, ussat, halypa diplomatlara, uzak ýyllaryň dowamynda ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeşlere, zähmet adamlaryna bagyşlanmalydyr.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler oňa hödürleýän işlerini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň Erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan-gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler.
Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky gysgaça maglumatlar şu ýylyň 24-nji noýabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan kabul ediler.
Bäsleşik Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de tapawutlanan işleriň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar gowşurylar.