Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bilimli ädim» we uniwersitetler — geljegi uly hyzmatdaşlyk

11:5802.04.2025
0
24571

«Bilimli ädim» konsalting kompaniýasy birnäçe uniwersitetler bilen özboluşly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu hyzmatdaşlyk talyplar we mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri açyp, işewürlik bilen bilimiň arasyndaky adaty gatnaşyklaryň çygryndan çykýar.

Kompaniýa we onuň hyzmatdaş ýokary okuw mekdepleri bilelikde nazary bilimleriň tejribede ulanylmagyna ýardam edýän gurşawy döredýärler. Talyplar hakyky işewürlik meselelerini çözmäge, mugallymlar bolsa konsalting taslamalaryna gatnaşýarlar.

«Bilimli ädim» talyplaryň bazary seljerip we kompaniýanyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda strategiýalary işläp düzmegine ýardam edýän okuw ýerlerini guramak arkaly bilime innowasion çemeleşmäni hödürleýär. Bu talyplara amaly taýdan tejribe toplamaga we taýýar çözgütleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýa mugallymlary çylşyrymly işewürlik meselelerini çözmäge çekmek bilen, «tersin» konsalting konsepsiýasyny durmuşa geçirýär. Munuň özi bolsa bäsdeşlige ukyply artykmaçlygy gazanmak üçin akademiki bilimleri ulanmaga mümkinçilik berýär.

«Bilimli ädim» talyplara netijeli zähmet ýoluny gurmak üçin gerekli bolan bilimler we başarnyklar bilen üpjün edip, okuw meýilnamalaryny uniwersitetiň häzirki möhüm talaplaryna laýyk getirmäge kömek edýär.

Mundan başga-da, kompaniýa startap-akselerator hökmünde çykyş edýär. Bu babatda ol talyplara innowasion ideýalaryny okuw taslamalaryna öwürmäge we startaplary ýola goýmaga kömek edýär.

«Biziň kompaniýamyz — bu diňe hyzmatlary hödürleýär diýmek az bolsa gerek — diýip «Bilimli ädimiň hünärmenleri belleýärler. — Biz nazaryýet bilen tejribäniň arasyndaky köprüdiris. Biz abstrakt tabşyryklary däl-de, daşary ýurtlarda bilim almak we geljek üçin tejribesi bolan hünärmenlere taýýar çözgütleri hödürleýän hakyky taslamalary berýäris. Örän zehinli talyplarymyz bar, emma olara köpräk dürs maslahat we tutanýerlilik gerek».

«Bilimli ädim» we uniwersitetler innowasion çözgütleri döretmäge taýýar bolan her bir adamy hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýarlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • Aşgabat ş. (+993 64) 52 94 85;
  • Balkanabat ş. (+993 63) 08 07 66;
  • Türkmenbaşy ş. (+993 71) 33 53 92;
  • Mary ş. (+993 71) 33 53 28;
  • Daşoguz ş. (+993 62) 31 05 54;
  • Köneürgenç ş. (+993 62) 31 08 63.

Salgylar:

  • elektron poçtasy: bilimli.adim@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: www.hectm.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň