Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýada derýalar kenardan agdy

11:1102.04.2025
0
16702
Gresiýada derýalar kenardan agdy
Surat: Artsakh.news

Jahankeşdeler howp astynda. Gresiýada ýykyp-ýumrujy sil dowam edýär, çabga ýagynlary syýahatçylaryň arasynda meşhur bolan Paros, Mikonos we Siros adalaryny basdy. Suw akymlary ýerzeminleri gark etdi, awtoulaglary syryp-süpürip äkidýär diýip, «MIR 24» portalynyň habarçysy Dmitriý Zabrudskiý ýazýar.

Gresiýanyň Parikiý şäherjigi indi jahankeşdelik mekany däl, sebäbi onuň dar köçelerinden akýan sil suwlary onlarça awtoulaglary we kafeleriň mebellerini Egeý deňzine eltip taşlady. Muňa eýýäm birnäçe gün bäri yzyny üzmän ýagýan çabgalar sebäp boldy. Adalarda-da jahankeşdelere howp abanýar, derýalar hanasyndan çykdy, ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary öýden çykmazlyga çagyrýarlar. Daglyk ýerlerde süýşgünleriň bolmagy mümkin. Mekdepler ýapyldy, esasy ýollarda hereket ýatyryldy.

Howa maglumaty gullugy ýagyşlaryň dowam etjekdigini, şemalyň güýçlenjekdigini duýdurýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň