Türkmenistan we Eýran synag görnüşinde ýolagçy demir ýol gatnawlaryny guramak hem-de ýük daşamalaryň möçberini iki esse artdyrmak barada ylalaşdylar. Bu barada Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Farzaneh Sadeghi Türkmenistana eden saparyndan soň, metbugata beren beýanatynda habar berdi.
«Fars news» agentliginiň habar bermegine görä, synag ýolagçy demir ýol gatnawlary Maşat – Sarahs (Eýran) we Mary (Türkmenistan) ugurlary boýunça amala aşyrylyp, geljekde bu ugur Özbegistana çenli giňeldilip bilner.
Ýolagçy gatnawlary boýunça başlangyçdan başga-da, ýük daşamalaryň möçberini 200 wagondan 400 wagona çenli artdyrmak barada hem ylalaşyk gazanyldy.
Ministr Farzaneh Sadeghiniň Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň dowamynda Etrek — Gumdag awtomobil ýolunyň gurluşygy boýunça meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýol Eýranyň serhedinden Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gumdag şäherine çenli uzalyp gidýär.
Ministriň aýtmagyna görä, bu ýoluň gurluşygy boýunça taslama eýranly potratça berildi we ýakyn wagtda onuň gurluşygyna başlanylar.