Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

1-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

17:0001.04.2025
0
28620

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň döwlet Baştutany we Pakistanyň premýer-ministri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy, türkmen halkynyň Milli Lideri Hazar deňziniň kenaryndaky täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa gatnawlaryny maý aýyna çenli togtatdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiany sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýändigi bellenildi.

https://turkmenportal.com/blog/89486/serdar-berdymuhamedov-priglasil-masuda-pezeshkiana-posetit-turkmenistan

2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, medeni-ynsanperwer, söwda-ykdysady, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

https://turkmenportal.com/blog/89487/turkmenistan-i-pakistan-obsudili-sotrudnichestvo-v-energeticheskoi-otrasli

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Hazaryň kenarynda guruljak täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna bardy, bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna Hazaryň kenaryny mundan beýläk-de ösdürmek we bu ýerde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalaryň taýýarlanan taslamalary hödürlenildi. Sebitde geçiriljek halkara çärelerine taýýarlyk işlerine aýratyn üns çekildi.

https://turkmenportal.com/blog/89488/gurbanguly-berdymuhamedov-oznakomilsya-s-proektami-novyh-obektov-na-poberezhe-kaspiya

4. Türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda sport awtoulagynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda iki gatnawly awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine bardy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň halkara ähmiýete eýedigini, munuň bolsa ýurduň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde amatly şertleri üpjün etjekdigini aýtdy.

https://turkmenportal.com/blog/89491/v-turkmenistane-vedetsya-stroitelstvo-novogo-mosta-cherez-zaliv-garabogazgol

5. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa uçuşlaryny 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli togtatdy. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli uçuşlaryň 2025-nji ýylyň 30-njy apreline çenli ýatyrylandygyny habar berýär. Petekleri gaýtarmak üçin, petekleriň satyn alnan ýerine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris» diýlip, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentiniň habarnamasynda bellenilýär.

https://turkmenportal.com/blog/89478/aviakompaniya-turkmenistan-priostanovila-polety-v-moskvu-do-maya

6. Anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 3-4-nji aprelde Samarkantda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň sammite taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini aýdyp, daşary işler ministrine Özbegistan Respublikasyna boljak iş saparyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

https://turkmenportal.com/blog/89477/na-zasedanii-kabmina-turkmenistana-obsudili-podgotovku-k-sammitu-centralnaya-aziya--es

Dünýäde

1. «SpaceX» özboluşly hususy «Fram2» missiýasynyň çäklerinde «Crew Dragon» kosmiki gämisini üstünlikli uçurdy. Bu missiýanyň çäklerinde taryhda ilkinji gezek ähli agzalary raýatlardan ybarat ekipaž Ýeriň polýar orbitasyna çykdy. Ekipaž dürli ýurtlardan dört agzadan ybarat: asly hytaýly maltaly telekeçi Çun Wan, Arktika robototehnikasy boýunça germaniýaly hünärmen Rabeýa Patrisiýa Rogge, Ýeriň polýuslaryny öwreniji awstraliýaly alym Erik Filips we norwegiýaly kinematograf Ýannikke Mikkelsen.

https://turkmenportal.com/blog/89498/vpervye-v-istorii-polnostyu-grazhdanskii-ekipazh-otpravilsya-na-polyarnuyu-orbitu-zemli

2. Fransiýanyň bäsdeşlik ulgamynda düzgünleşdiriji edarasy «Apple» kompaniýasyna iOS operasion ulgamynda «Ykjam programmalarda yzarlamak» aýratynlygyny ornaşdyrandygy üçin 150 million ýewro jerime saldy. Düzgünleşdirijiniň bellemegine görä, tehnologiýa ägirdi bazardaky esasy ornundan hyýanatçylykly peýdalanýar. Bu jerime şahsylaşdyrylan mahabatlary görkezmek üçin zerur ulanyjy maglumatlaryna elýeterliligini ýitiren mahabat kompaniýalaryna wekilçilik edýän söwda assosiasiýalarynyň birleşmesiniň şikaýatyndan soň bellenildi.

https://turkmenportal.com/blog/89500/apple-oshtrafovana-na-150-mln-za-neodnoznachnuyu-formulirovku-v-ios

Sport täzelikleri

1. «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň klublarynyň arasyndaky çempionatynda «Şagadam» toparyndan üstün çykyp, möwsümi 4:0 hasabynda uly ýeňiş bilen başlady. Oýun 4-nji tapgyryň çäklerinde «akylly» şäher Arkadagda geçirildi. Ozalky üç tapgyry Türkmenistanyň iki gezek çempiony bolan topar AFK-nyň Çagyryş ligasyna gatnaşandygy sebäpli goýberipdi. Ýeňijileriň düzüminde gollary Yhlas Saparmämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Didar Durdyýew we Begenç Akmämmedow geçirdi. Ilkinji ýeňlişine garamazdan, «Şagadam» 7 utuk bilen 4 oýun geçirip, ýaryş tertibinde birinji ýerde barýar. «Ahal» hem çempionatdaky ilkinji ýeňlişine sezewar boldy, ol «Altyn Asyr» toparyndan 0:1 hasaby bilen utuldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynda ýeňiş goluny 83-nji minutda Ruslan Täjiýew geçirdi.

https://turkmenportal.com/blog/89493/arkadag-startoval-v-novom-sezone-chempionata-turkmenistana-po-futbolu-s-krupnoi-pobedy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň