Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar ekologiýa, jemgyýetçilik we netijeli dolandyryş meselelerini öz içine alýan magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilim okuw maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmak maksady bilen 22 — 28-nji mart aralygynda Rumyniýanyň Sibiu şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Sapar Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Sibiu şäherindäki Luçian Blaga adyndaky uniwersitetde (Universitatea «Lucian Blaga» din Sibiu) guralan okuw sapaklarynda türkmen wekiliýetiniň agzalary okatmagyň öňdebaryjy usullary, okuw maksatnamalaryny taýýarlamagyň innowasion çemeleşmeleri hem-de ekologiýa we dolandyryş ugurlarynda häzirkizaman dünýä tendensiýalary bilen tanyşdylar.
Ekologiýany jemgyýetçilik we ykdysady ugurlar bilen utgaşdyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün edip biljek okuw maksatnamalary işläp düzmek meselelerine aýratyn üns berildi. Okuwlara gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak we beýleki ýurtlarda üstünlikli durmuşa geçirilen maksatnamalaryň amaly mysallary bilen tanyşdylar.
Saparyň çäklerinde Sibiu şäherinde ýerleşýän «Continental» awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlaýan önümçilik kärhanasyna gezelenç guraldy.