«Altyn Paradise Garden» restorany paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny rahat tomusky eýwanynda ýatdan çykmajak agşamlary geçirmäge çagyrýar. Baharyň gelmegi bilen, tebigat oýanyp, howany tämizlik bilen doldurýan wagty bu ýer agaçlaryň kölegesinde arassa howada dynç almak üçin iň amatly ýerdir.
«Altyn Paradise Garden» myhmanlara diňe bir ajaýyp gurşawy däl, eýsem, dürli görnüşli tagamlary hem hödürleýär. Menýuda mangalda taýýarlanan tagamlar, çorbalar, işdäaçarlar we beýleki köp sanly aşpezlik eserleri hödürlenýär.
Myhmanlaryň dynç alşyny has lezzetli etmek üçin, anna gününden ýekşenbe güni aralygynda restoranda zehinli aýdymçylar çykyş edip, janly aýdym-saz ýaňlanýar. Bu bolsa özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny döredýär we agşamdan doly derejede lezzet almaga mümkinçilik berýär.
«Altyn Paradise Garden» restorany şu salgyda ýerleşýär: Aşgabat, Gurbansoltan eje köç., 168 (demir ýol menziliniň ýanyndaky awtobus duralgasy). Stollary bronlamak we goşmaça maglumat almak üçin şu telefonlar arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 56 15 45, (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47.
Sosial ulgamdaky sahypasy.