Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarifiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşlik Pakistan tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi. Onuň başynda söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny Oraza baýramy bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif Pakistanyň Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Prezident Asif Ali Zardariniň mähirli salamyny hem-de berk jan sagłyk, abadançylyk we üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle-de ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny, Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny, şeýle hem öz adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunda energetika pudagynyň türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada aýdyldy. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy muňa mysal hökmünde görkezildi.
Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif bu transmilli taslamalaryň möhüm ähmiýetini hem-de Pakistanyň bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem ol 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gutlap, munuň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolmagyna şaýatlyk edýändigini nygtady.
Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif bu waka mynasybetli geçiriljek halkara çärelere Pakistanyň işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.
Söhbetdeşlikde Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarif türkmen halkynyň Milli Liderini we Türkmenistanyň Prezidentini özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Pakistana gelmäge çagyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitmäge we bu ugurda tagallalary doly goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.