Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşlik Eýran tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi. Onuň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Prezident Masud Pezeşkian birek-birege we iki ýurduň doganlyk halklaryna Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Eýranda uly ähmiýet berilýändigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkiana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny hem-de Oraza baýramy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.
Prezidentler Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň häzirki ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň ähli ugurlarda, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny türkmen we eýran halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny tassyklady.
Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkiany sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Öz gezeginde, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hem türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini özleri üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Eýrana gelmäge çagyrdy.