Germaniýanyň Demirgazyk deňizdäki Wangeroge adasynyň dolandyryjy partiýalary ada häkimi hünärmenleriň ýetmeýändigi sebäpli gazetde bildiriş bermek arkaly gözleýärler. Bu barada «Der Spiegel» gazetine salgylanýan «RIA Nowosti» ýazýar.
«Der Spiegel» gazetiniň habaryna görä, ýerli häkimiýetler bu barada bildirişi birnäçe gazetlerde çap etmekçi bolýarlar, olary muňa hünärmenleriň ýetmeýändigi mejbur edýär.
Geljekki häkime edilýän talaplaryň arasynda ýokary bilimiň bolmagy, degişli iş tejribesi, şeýle hem adada ýaşamak bar. Dalaşgärler iýunyň ahyryna çenli ýüz tutmaly, awgustda bolsa häkimiň wezipesine saýlawlar geçer. Ýeňiji sekiz ýyllap ada ýolbaşçylyk eder.
Ýeri gelende aýtsak, Wangeroge adasynyň öňki häkimi hem şeýle usulda, ýagny gazet bildirişi arkaly tapyldy.