Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «Blue Peace Central Asia» (BPCA) atly okuw maslahatyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, maslahat Şweýsariýanyň ilçihanasy tarapyndan Halkara suw dolandyryş instituty (IWMI), Tebigaty goramagyň halkara bileleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) bilen bilelikde guraldy.
Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ýer serişdeleri gullugynyň wekilleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlary hem-de CAREC-iň Türkmenistandaky taslama ofisiniň direktory bu maslahata gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň esasy maksady Merkezi Aziýada suw diplomatiýasyny ösdürmek, sebitleýin suw hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem-de ýurtlaryň arasynda suw çeşmeleriniň adalatly bölünişigini üpjün etmekden ybarat boldy. Maslahatyň dowamynda suw dolandyryşy bilen bagly meseleler, ekologiýa taýdan durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem suw serişdeleriniň dolandyrylmagynda ylmy-barlag institutlarynyň we döwlet edaralarynyň gatnaşygyny güýçlendirmek baradaky meseleler boýunça pikir alşyldy.
«Blue Peace Central Asia» — Şweýsariýanyň başlangyjy bilen döredilen sebitleýin ösüş hyzmatdaşlyk maksatnamasydyr. Onuň maksady serhetüsti suw baýlyklaryny dürli usullar we dürli derejeler arkaly kadalaşdyrmakdan ybarat. Bu başlangyç üç esasy ugry öz içine alýar: suw diplomatiýasy, peýdany paýlaşmak we mümkinçilikleri artdyrmak.