Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukman uly ýaşlylaryň wagtyň çalt geçýändigi baradaky duýgusyny «beýniniň garramagy» bilen baglady

13:0429.03.2025
0
36984
Lukman uly ýaşlylaryň wagtyň çalt geçýändigi baradaky duýgusyny «beýniniň garramagy» bilen baglady
Surat: Vfokuse.mail.ru

Russiýaly psiholog-lukman Mariýa Manina ýurduň «Moskwa gürleýär» radioýaýlymyna beren interwýusynda ýaşyň könelmegi bilen, kabul edilýän habarlaryň möçberiniň kemelýändigini gürrüň berdi. Şol sebäpli, merkezi beýni ulgamyny işjeňleşdirmek üçin täze täsirlere ymtylmak gerek. Bu barada «vfokuse.mail.ru» portalyndan žurnalist Aýgül Sabitowa gürrüň berýär.

Munuň sebäbi biziň beýnimiz wagty kabul edilýän täze habarlaryň möçberi boýunça yzarlaýar. Çagalykda köp zat näbelli, syr. Şonuň üçin maglumatlaryň möçberi-de uly, beýni hemişe ösüşde, netijede, çagalar üçin wagt haýal geçýän ýaly bolýar. Emma ulular welin hemme zady bilýandirin öýdýärler, şonuň üçin köp işi ýüzurga bitirýärler. Täze habarlaryň möçberi welin, aýratyn hem işjeň ýaşamaýan ulular üçin juda ujypsyz. Onsoň, olara wagt diýseň tiz geçýän ýaly. Galyberse-de, beýni hem beýleki agzalar ýaly garraýar.

Mariýa Manina şonuň üçin täze zatlary öwrenmegi, öňki bitirilýän işleri-de täzeçe usulda synap görmegi teklip edýär. Mysal üçin, çotgany çep eliňde tutup, dişleriňi arassalamak. «Beýnä hemişe täze zat görkezmek gerek, oňa täze täsirler, täze zatlary öwrenmek gerek» diýip, psiholog nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň