Meşhur türkmen messenjeri Start Türkmenistanyň çäginden daşardaky ulanyjylara elýeterlilik mümkinçiligini ep-esli giňeltdi. Indi daşary ýurtlarda ýaşaýanlar goşundyda aňsatlyk bilen hasaba alnyp, nirede ýerleşýändigine garamazdan öz ýakynlary, dostlary we kärdeşleri bilen arkaýyn aragatnaşyk saklap, islendik wagt habarlaşyp bilerler.
Start häzirki zaman aragatnaşyk funksiýalarynyň doly toplumyny hödürleýär: onuň üsti bilen tekstli habarlary, sesli we wideo jaňlary iberip bolýar, şeýle hem faýllary paýlaşmak üçin mümkinçilik bar. Goşundy Android, iOS we şahsy kompýuterler ýaly birnäçe platformada elýeterli bolup, ony islendik enjamda ulanmak üçin mümkinçilik bardyr.
Goşundyny işläp düzüjiler daşary ýurtly ulanyjylar üçin ýönekeý hasaba alyş ulgamyny döretdiler. Akkaunty döretmek üçin Telegram ulgamynda hereket edýän profiliň bolmagy zerurdyr. Hasaba alyş amaly Start goşundysyna daşary ýurt telefon belgisiniň girizilmegi bilen başlanýar, şondan soň ulanyjy Telegramyň üsti bilen bir gezeklik tassyklama koduny alýar. Alnan kodyň girizilmegi bilen, hasaba alyş amaly tamamlanýar we şeýlelik bilen, messenjer ulanyşa taýýar. Şunda Telegram goşundysy bilen baglanyşykly işjeň telefon belgisiniň bolmagy möhüm şert bolup durýandygyny unutmaly däldir.
Daşary ýurtda Start messenjerine hasaba alynmak mümkinçiligi Türkmenistan bilen aragatnaşyk saklaýanlar üçin wajyp ähmiýete eýedir. Bu goşundyny işläp düzüjileriň aragatnaşyga girýänleriň ýerleşýän ýerine garamazdan Start messenjerini elýeterli we hemmeler üçin amatly etmek niýetini görkezýär.
Start ykjam goşundyny Google Play we App Store goşundylaryndan, şeýle hem tmstart.com resmi saýtyndan ýükläp alyp bilersiňiz.