Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mundan 64 ýyl öň ene-atasyndan gaçan jübütler toý tutdular

12:0729.03.2025
0
36476
Mundan 64 ýyl öň ene-atasyndan gaçan jübütler toý tutdular
Surat: Gazeta.ru

Mundan 64 ýyl öň dogan-garyndaşlaryndan gaçan Harş atly erkek kişi bilen Mrunu diýen zenan toý tutdy diýip, NDTV teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär. Çagalary we agtyklary olar üçin uzak garaşylan kaşaň toý dabarasyny guradylar.

1960-njy ýyllarda Hindistanda kastalaryň arasyndaky nikalar seýrekdi we ýazgarylýardy. Çagalykdan biri-birine aşyk bolan Harş we Mrunu dürli kastalara degişlidiler, Harş brahmandy, Mrunu bolsa jaýndy. Olaryň maşgalalary goş birikdirmeklerine berk garşy boldular. Emma ýaşlar birek-birekden dänmediler. Olaryň söýgüsi gizlin galdy: ogryn hat ýazyşýardylar, ogryn görşerdiler, keseki gözlerden gizlenerdiler.

Ahyrynda gyzyň sabyr käsesi doldy, ol jorasyna gaýdyp gelmejekdigini, Harş bilen gaçandygyny beýan edip hat galdyrdy. Şeýdip, jübütleriň bilelikdäki durmuşy başlandy.

Ýyllar geçdi, Harş we Mrunu maşgala döretdiler, çagalarydyr agtyklaryny kemala getirdiler. Emma olaryň resmi nikasy welin baglaşylmandy. Garry atalarydyr eneleriniň nika toýy barada wysala gowuşmadyk arzuwyny ogullary we agtyklary amala aşyrdylar, olar hakyky toý tutdular. Toýy köne däbe görä, güllerden çemen bogup, dürli baýramçylyk dessurlaryny berjaý edip geçirdiler.

Toýa şaýat bolanlaryň köpüsi jemgyýetçilik aňynyň ösendigine garamazdan, Hindistanda kastalaryň arasyndaky nikalara henizem garşylygyň bardygyny aýdyp, Harş bilen Mrunudan görelde almagy maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň