Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda rus kino we animasiýa filmleriniň festiwalyna badalga berildi

06:4729.03.2025
0
24314

Anna güni paýtagtymyzyň «Berkarar» kinoteatrynda rus kinofilmleriniň festiwaly açyldy. Kinofestiwal «Uly syýahat. Dünýä aýlanyp çykmak» atly multfilmiň görkezilişi bilen başlandy.

«Bu gün biz Russiýanyň çagalar kinosyny giň köpçülige ýaýmak boýunça ajaýyp çäräniň geçirilýändigine şaýat bolýarys. Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasy Medeniýet ministrligi we «Rossotrudniçestwo» federal agentligi bilen bilelikde ajaýyp maşgala filmleriniň görkezilişini gurnandyklaryna begenýäris» – diýip, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko festiwalyň açylyşynda nygtady.

Aşgabatda geçirilýän rus kinofilmleriniň festiwaly 30-njy marta çenli dowam eder. Onuň maksatnamasy «Finist. Ilkinji pälwan», «Çakmak daşy», «Uly syýahat. Dünýä aýlanyp çykmak» we «Çypar tilki» ýaly çagalar filmlerini, ertekileri we animasiýa filmlerini öz içine alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň