Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçiriljek «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geldi. Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa onuň bilen hem duşuşyk geçirdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ugurdaş düzümler, abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigine üns çekildi. Söhbetdeşler Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Hanym Şen Beili hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň dürli ugurlar boýunça, şol sanda ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda okgunly ösdürilýändigini aýdyp, şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ägirt uly şahsy goşantlarynyň bardygyny belledi. Şeýle-de ol Arkadag şäherinde geçiriljek, çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşine bagyşlanan halkara maslahatyň wajyp ähmiýetini nygtady.
HHR-iň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň asylly we ynsanperwer işlerini goldaýandygyny aýtdy hem-de gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy bilen gutlap, bu şanly sene mynasybetli guralýan halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirdi.