Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministri Arkadag şäherinde geçiriljek halkara maslahata gatnaşar

23:1728.03.2025
0
28281

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri hanym Farzaneh Sadeghi Malwajerd bilen duşuşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa halkara maslahata gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Eýranyň ýol we şäher gurluşygy ministrine hoşallyk bildirip, iki goňşy ýurduň arasynda dost-doganlyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça ösdürilýändigini belledi.

Myhman, öz gezeginde, ajaýyp Türkmenistana gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamyň iki goňşy döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridigini, iki ýurduň bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk saklaýandygyny aýratyn bellediler.

Söhbetdeşligiň dowamynda EYR-nyň ýol we şäher gurluşygy ministri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejesinde alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, bu işleriň sebitde we dünýäde ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň