Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi

22:4928.03.2025
0
17327
Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümetiň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Hökümet mejlisinde ilki bilen milli parlamentiň ýolbaşçysyna söz berildi. Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işleri barada maglumat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň kanunçylygynyň döwrebap we kämil bolmagy üçin netijeli işleri alyp barmagy dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Soňra wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, daşary syýasat, halkara gatnaşyklar, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlisiň barşynda «Türkmenistanda 2025-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky» resminama gol çekdi.

Şeýle-de Hökümet mejlisiniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurtda 30-njy martda Oraza baýramynyň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de Oraza baýramyny bellemek we 30-njy martdaky dynç gününi 31-nji marta – duşenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň