Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda iň kiçijik geçi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

18:1228.03.2025
0
23565
Hindistanda iň kiçijik geçi Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Surat: Gazeta.ru

Hindistanda iň kiçijik boýly geçi rekord goýup, Ginnesiň kitabyna girdi. Bu barada UPI neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.

Ýagny Karumbi lakamly dört ýaşly karlik geçi resmi taýdan dünýäde iň kiçijik diýlip ykrar edildi, onuň boýy bary-ýogy 38 sm.


Surat: Vokrugsveta.ru

Geçiniň eýesi, ýurduň Kerala ştatyndan bolan fermer Piter Lenu onuň rekord derejede kiçijikdigi barada pikir hem etmändigini gürrüň berdi. Ol geçisiniň kindiwanjadygyna ilki bolup ünsi çekeniň fermasyna gelen myhmanlaryň biri bolandygyny aýdýar. Şondan soňra Piter geçisini weterinara äkidip görkezipdir. Ol-da geçiniň boýuny ölçäpdir.

Piter geçisine guwanýar, ol basym owlaklamaly. Belki, geljekde owlaklarynyň biri bu rekordy-da täzelär diýip, hindistanly degişýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň