Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Lukmanlar iki ýyllap yzyny üzmän hynçgyran hassa kömek etdiler

16:3627.03.2025
0
13913
Lukmanlar iki ýyllap yzyny üzmän hynçgyran hassa kömek etdiler
Surat: Gazeta.ru

Liwanly lukmanlar iki ýyllap durman hyçgyran erkek kişä kömek etdiler diýip, «Daily Mail» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.

93 ýaşly erkek kişi güýçli ýadawlykdan hem-de soňsuz hynçgyrmadan arz edip, hassahana geldi. Oňa öňki edilen ähli emler kömek etmändir.

Gan barlagynda onda eozinofil ezofagit keseli anyklandy. Bu ötüşen immun keseli aşgazanda eozinofilleriň toplanmagyna getirýär, netijede, ýuwutmagyň kynlaşmagyna, sary gaýnama sebäp bolýar. Emma hassada bu alamatlaryň hiç biri-de hasaba alynmady, onuň deregine tapdan düşürýän hynçgyrma bardy.

«Bu haýran galaýmaly seýrek ýagdaý. Biz çişme aýlanyp ýören nerwi gyjyndyryp, diafragmanyň gysylmasyny döredendir diýip çaklaýarys» diýip, lukman Luis Çaptini gürrüň berýär.

Ýerli steroidler arkaly bejergi netije berdi, bir hepdeden soňra näsagyň hykgyldysy galdy, ýagdaýy-da kadalaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň