25-nji martda Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa bilen Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraşiwiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşyga Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Halkara gatnaşyklar we Ýewropa gatnaşyklary boýunça baş müdiri Lýuminita Matei, Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçisi A.Anaýew gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda bilim pudagyndaky gatnaşyklar we olary ösdürmegiň hem-de berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministriň orunbasary rumyn tarapynyň bilim we ylmy gözleg ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Ministriň orunbasary türkmenistanly ýaşlaryň daşary ýurtlarda okamak babatda rumyn uniwersitetlerini saýlandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde Ç.Rustemowa Türkmenistanyň halkara tejribesini we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylan üstünliklere aýratyn ähmiýet berýändigini, bu ugurda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn täsirini görkezdi. Türkmen talyplarynyň bilim almagy üçin berlen goldawa minnetdarlyk bildirildi. Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna esaslanyp, Rumyniýa her ýyl Türkmenistanyň raýatlaryna ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin 105 talyp hakly orunlary hödürleýär.
Taraplar akademiki toparlary birleşdirmegiň, dostluk we parahatçylygy ýola goýmagyň serişdesi hökmünde bilelikdäki ylmy işleriň möhümdigini bellediler.
***
Surat: Newscentralasia.net
25-nji martda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa bilen Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Diana Bakunanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy habar berdi.
Bu duşuşygyň maksady geljekde medeniýet pudagynda bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň başynda rumyn tarapy türkmen halysynyň hormatyna geçirilen çäräniniň üstünlikli bolmagy bilen gutlady. Bu çäräniň milli mirasy wagyz etmek, köpçüligi Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdyrmak, iki ýurduň arasynda medeni köpri gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredendigi nygtaldy.
Ç.Rustemowa türkmen tarapynyň rumyn tarapy bilen medeni alyş-çalyş pudagyna, şeýle hem rumyn muzeýleri bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Şu nukdaýnazardan, ministriň orunbasary türkmen tarapynyň bilelikdäki çäreleri we taslamalary geçirmek baradaky tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
Taraplar medeni diplomatiýanyň çalt ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi barada ylalaşdylar.