Günorta Koreýada tokaý ýangynlary barha möwjeýar. Azyndan 24 adam pida boldy, bir adam dereksiz ýitdi. Respublikanyň Hökümeti üç sebitde betbagtçylykly ýagdaý düzgünini yglan etdi diýip, «MIR 24» gürrüň berýär.
Tokaý ýangynlaryny söndürmek başardanok. Güýçli şemal muňa päsgel berýär. Ot ýollary bökdeýär, hemme zady küle öwrüp barýar. Ýangynyň tutaşýan ýerinde suw dökýän dikuçaryň ýere gaçandygy habar berilýär. Şonuň üçin ýangynlaryň zolagynda uçuşlar wagtlaýyn gadagan edildi, indi alaw bilen ýerde göreşýärler. Oda garşy göreşe 3 müň adam gatnaşýar, howply etraplardan 23 müň adam göçürildi.
Ýangyn 17 müň gektar tokaýy, iki ýüz sany dürli binalary ýok etdi, olaryň arasynda VII asyra degişli ybadathana toplumy-da bar.