Nigeriýaly Esenumhe Ahmad gaty kagyzdan gymmatbaha «Lamborghini» sport ulagynyň işleýän nusgasyny ýygnady diýip, «Independent» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.
Elinden dür dökülýän Ahmadyň kartondan ýasan «Lamborghini Egoista» kysymly ulagy, hakykatdanam, ýöreýär. Ol munuň üçin iki ýyl zähmet çekdi, işiň netijesi-de garaşylanyndan has gowy boldy, ussanyň eli bilen ýasan ulagy diňe hakyky ulaga meňzemän, eýsem, sagatda 40 kilometr tizlikde hereket edibem bilýär. Nigeriýaly oňa hereketlendiriji oturtdy.
Ahmadyň öz karton «Lamborghini» ulagynda gezip ýören wideosyna internetde millionlarça adam tomaşa etdi. Oňa syn ýazanlaryň kimsi «akyly haýran edýär» diýip ýazsa, kimler oňa indi maşynyny ýuwalgada ýuwmak galdy diýip, degişýärler.
Ahmad özüniň hemişe şeýle hokgalary toslamaga zehinli bolandygyny, munuň üçin ýörite okuwlara gatnamandygyny gürrüň berýär. Ol öz taslamalary üçin gaýtadan işlenen materiallary ulanýar, onuň ugurtapyjylygy bilen galyndylar hereket edýän gurnawlara öwrülýärler.