Malaýziýanyň Hökümeti 2014-nji ýylda uçuş wagty ýiten «MH370» belgili ýolagçy uçarynyň gözlegine täzeden girişmek barada «Ocean Infinity» amerikan kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşdy. Bu barada Aziýanyň habar beriş serişdelerine salgylanýan «INTERFAX.RU» ýazýar.
Ýurduň ulag ministri Entoni Lokeniň getiren maglumatlaryna görä, kompaniýa Hind ummanynyň günorta bölegindäki 15 müň inedördül kilometrlikde suwuň çuňlugyny barlar. Bu çäkde öň uçaryň gözleg işleri geçirilmändi.
Ministr eger «Ocean Infinity» kompaniýasynyň gözleg netijesiz tamamlansa, hiç hili töleg almajakdygyny, eger-de uçaryň galyndylary ele salynsa, 70 mln dollar aljakdygyny aýtdy. Ol şeýle hem gözlegleriň bir ýarym ýyla çekjekdigini çaklady.
«Malaýziýanyň howa gatnawlary» kompaniýasynyň «Boing 777» ýolagçy uçary 2014-nji ýylyň 8-nji martynda Kuala-Lumpurdan Pekine uçupdy we uçuşdan bir sagat soňra ýitipdi. Onuň gözlegi netijesiz tamamlandy, uçarda 239 ýolagçy bardy.