Bu gün Serçeleriň halkara güni. Baýramyň maksady – öý serçeleri we şäher gurşawynda ýaşaýan guşlaryň beýleki görnüşleri barada habardarlygy ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Şol gün adamlary şäher guşlarynyň sanyny gorap saklamak boýunça çäre görmäge höweslendirmek üçin dürli çäreler geçirilýär.
Surat: Hindi serçesi
Serçe Türkmenistanda mesgen tutan adaty guşlaryň hataryna girýär. Ýurdumyzyň ýaşaýjylary bu çalasyn uçýan goňşularyna eýýäm bir wagtlardan bäri öwrenişipdirler: uçup-gonýan serçe toparlaryna şäherlerde-de, ekin meýdanlarynda-da duş gelip bolýar.
Biziň ýurdumyzyň çäginde öý serçesi, Ispan gara döş serçesi, hindi serçesi we meýdan serçesi ýaşaýar. Emma çöl serçesi seýrek görnüş hökmünde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Surat: Meýdan serçesi
Serçeleriň halkara gününi bellemek pikiri adamlara bu guşlaryň ekoulgamdaky ähmiýeti, zyýankeşlere garşy göreşdäki orny barada maglumat bermek we dünýäde sany azalýan guşlary gorap saklamak baradaky habarlylygy ýokarlandyrmakdyr.
Surat: Çöl serçesi
Serçeler näme üçin şeýle peýdaly-ka? Ilki bilen bu guşlar öz nesillerine diňe kebelek, gurçuk we şirejedir agaç biti bilen iýmitlendirýärler.
Serçeler möwsümde iki ýa-da üç jüýje basyryp çykarýarlar, oba hojalygyna zyýan ýetirýän mör-möjekleriň tutuş goşunyny ýok etmegi başarýarlar.
Serçe şeýle hem haşal otlary ýok edijidir. Takmynan hasaplamalara görä, bir süri serçe bir aýyň dowamynda 8 kilogram haşal ot tohumyny ýok edýär. Serçeleriň syçanlary iýmitden we üpjünçilikden mahrum edýändigi hem syn edilipdir: guşlar haşal otlardan gaçýan däneleri we tohumlary çokup almak bilen, netijede syçanlara hiç zat galdyrmaýarlar.
Surat: Öý serçesi (nominal, hromist)
Serçeleriň ýene bir gymmatly aýratynlygy, guşlaryň seýrek ýa-da gymmatly görnüşlerini köpeltmek üçin eneke-guşlar hökmünde ulanylmagydyr. Olar jüýjelerini esasan mör-möjekler bilen iýmitlendirýärler, şonuň üçin käbir mör-möjek iýiji guşlaryň nesillerini hem iýmitlendirip bilýärler.
Geliň, bu kiçijik kömekçilerimizi alada bilen gurşalyň!