Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçiriljek halkara maslahata özbek wekiliýetiniň gatnaşmagyna türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy

22:5819.03.2025
0
11693
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde geçiriljek halkara maslahata özbek wekiliýetiniň gatnaşmagyna türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy
Surat: TDH

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

"Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda 29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahat halkara işjeňligi bilen baglanyşykly gozgalan meseleleriň biri boldy.

"Maslahatyň barşynda çagalaryň saglygyny goramaga, olara inklýuziw bilim berilmegine, çagany terbiýelemekde maşgalanyň ornuna, çagalara durmuş goldawynyň berilmegine degişli esasy, has möhüm meselelere garamak göz öňünde tutulýar" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu foruma Özbegistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy.

Özbek Lideri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki döwletara gatnaşyklarynyň netijeli guralmagyna jogapkärli çemeleşmeleri üçin hoşallygyny beýan edip, umumy tagallalaryň birleşdirilmeginiň hem-de bilelikdäki hereketleriň utgaşdyrylmagynyň diňe iki goňşy ýurduň däl-de, umuman, Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşine goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

"Görnüşi ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl Türkmenistanda hem, Özbegistanda hem halkara derejeli çärelere baý bolar. Olaryň ählisi halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek ýaly asylly maksatlara bagyşlanar" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we halkara giňişliginde uly abraýa eýe bolan hem-de içeri we daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasynyň ýörelgelerini işjeň öňe sürýän biziň doganlyk ýurtlarymyzyň mundan beýläk hem Milletler Bileleşigi tarapyndan kabul edilen uzak möhletleýin we giň gerimli strategiýalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşjakdyklaryna, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagyna ýardam berjekdiklerine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikler, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň